• TM
  • RU
  • EN

Biz barada

Logo

“Ýüpek ýoly gurluşyk“ hojalyk jemgyýeti, 2010-njy ýylyň mart aýynyň 12-sinde kärhanany esaslandyryjylar, Begjanow Magsat Nurnepesowiç we Garabaýew Rahmanberdi Annadurdyýewiç tarapyndan döredildi, hem-de Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Edara görnüşindäki taraplary we maýa goýum taslamalaryny döwlet tarapyndan hasaba almak müdirligi tarapyndan 14842604 belgi bilen hasaba alyndy. Şeýle hem Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň Salgyt gullugynda No 405211000400 bellige alyndy. Hukuk salgysy; Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň Gurbansoltan eje geňeşligi.

Kärhanamyz; gurluşyk gurnama işleri, suw we lagym ulgamlarynyň gurluşygy, 110kWA çenli bolan elektrik geçirijileriniň gurluşygy, senagat howpsuzlygy boýunça işler, söwda satuw işleri we hojalyk jemgyýetimize degişli bolan “Şawat” Açyk Görnüşli Paýdarlar Jemgyýetiniň süýt we süýt önümlerini öndürýän kärhanasynda önümçilik işlerini alyp barýar.

“Ýüpek ýoly gurluşyk” hojalyk jemgyýeti; 2010-njy ýyldan bäri alyp barýan gurluşyk gurnama işleri, suw we lagym ulgamlarynyň gurluşygy hem-de elektrik geçirijileriň gurluşygy ulgamlarynda, başda Daşoguz welaýatynyň Düýpli gurluşyk dolandyryş edarasy bolmak bilen, Türkmenistanyň Merkezi Banky, Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, birnäçe şäher we etrap häkimlikleri hem-de beýleki ministirlikler we döwlet edaralarynyň buýurmalary esasynda onlarça taslamany üstünlikli amala aşyrdy. Söwda-satuw ulgamynda bolsa, 2017-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda baglaşylan şertnama esasynda, dünýä belli “Nestle Fud” kompaniýasynyň süýji, şokolad we kofýe önümleriniň Türkmenistandaky satyşy amala aşyrmaga başlandy.

Häzirki wagtda hem gurluşyk, hem önümçilik hem-de söwda-satuw ulgamyndaky işlerimiz güýçli depginde dowam edýär.
Telefon belgileri (Aşgabat) : (+993 12) 210767, 210768, 210769