Döwrebap enjamlary we ýarym asyra golaý iş tejribesi bilen süýt önümleri öndürýän Şawat AGJP, sagdyn we gigiýena taýdan arassa, lezzetli we ýokary hilli önümleri maksat edinendir.
1978-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde işe başlan bu kärhana, 2014-nji ýylda maýa goýum bäsleşiginde jemgyýetiň 100% paýnamasyny Ýüpek Ýoly Gurluşyk Hojalyk jemgyýeti tarapyndan satyn alyndy.
Bu hususylaşdyrmanyň netijesinde täze döwrebap önümçülik binasy gurulyp ulanylmaga başlady. Bu önümçülik binasynda häzirki wagtyň talaplaryna we dünýä standartlaryna gabat gelýän önümleriň ençemesi öndürilmäne başlady. Döwrebap kärhanada azyk-iýmit inženerleri we 50-ä golaý tejribeli, agzybir işgärleri bilen günlük 15 tonna süýt kabul edip önüm öndürülýär.
Döwrebap enjamlary we goşmaça täze açylan bölümleri bilen, talaba göra kärhana bir günde 15 tonnadan gowrak süýdi kabul edip, önüm öndürmäge ukuby bar. Önümlerini Halkara we Türkmen Döwlet standarlaryna laýyklykda öndürip, ýurduň içinde we daşary ýurtdaky müşderilerine ynam bilen hyzmat edýär.